Oct 03, 2018 10:26 Asia/Ashgabat
  • Täjik ýük maşynlary bir aý gowrak türkmen serhedinde durýarka, Türkleriňkini goýberdiler

Täjik ýük maşynlary bir aý gowrak türkmen serhedinde durýarka, Türkleriň ýük maşynlary goýberdiler

Täjigistanyň alýumin kompaniýasynyň döwlet unitar kärhanasy ýüklerini türkmen territoriýasyndan geçirip bilmeýär diýip, “Ozodi” radiosy 29-njy sentýabrda kompaniýadaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.

GDA-nyň Ýolçular geňeşiniň hökümetara müdiriýetiniň ýolbaşçysy Buri Karimow radio bilen söhbetdeşlide golaýda Daşkentde Türkmenistanyň serhedinde ýük maşynlarynyň toplanmagy baradaky meseläniň maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Bu problema boýunça Täjigistanyň we Türkiýäniň wekilleri çykyp gürlediler. Türkmenistanyň häkimiýetleri  şondan kän wagt geçmänkä Täjigistana ýük alyp gelýän türk ýük maşynlarynyň serhetden geçmegine rugsat berdiler. Emma, täjik transport komapaniýalaryna degişli ýük maşynlary entegem serhet geçelgeleriniň aňyrsynda dur.

Häzir Täjigistanyň alýumin kompaniýasy alýumin öndürmekde zerur bolan materiallaryň importy we eksporty üçin alternatiw ýollary ýözleýär diýip, çeşme belledi. Häzir komapaniýa  alýumin jöwherlerini Azerbaýjanyň üsti bilen Kaspi deňzindäki gazak portlarynyň birini ulanyp, Täjigistana ibermek hakynda gepleşik geçirýär. Şeýle-de, bu kompaniýanyň Türkmenistandan nebit koksyny satyn alýandygy aýdylýar.

Eýrandan we Türkiýeden Täjigistana ýük alyp barýan ýük maşynlary awgust aýynyň aýagyndan bäri türkmen serhedinden gcip bilmeýär. Täjigistanyň transport edarasy ýük maşynlarynyň sürüjilerine alternatiw ugurlanrdan peýdalanmagy –  Bakuwa baryp, ol ýerden paromda Kaspiniň üsti bilen Gazagystanyň Aktau portuna gelmegi hem-de Gazagystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana aşmagy maslahat berdi.

“Ozodi” radiosynyň habar bermegine görä, ýük maşynlary türkmen serhedinden “howpsuzlyk aladalary” sebäpli goýberilmeýär. Bu hili düşündiriş türkmen tarapynyň Täjigistanyň DIM-ine iberen resmi hatyndan gelip çykýar.

 

Tags