ABŞ-da iki kelleli ýylan dünýä indi

  • 18.10.2023 18:33
  • 46207
ABŞ-da iki kelleli ýylan dünýä indi

Amerikaly süýrenijileri köpeldiji Aden Jonson sosial ulgamlarda haýran galdyryjy waka bilen paýlaşdy. Ol gofer ýylanynyň (Pituophis) aýryp goýlan ýumurtgasyndan üýtgeşik jandaryň – iki kelleli ýylanyň çykandygyny habar berdi. Bu barada sportkp.ru belleýär.

Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, bu üýtgeşik ýylan şu ýylyň iýul aýynda adaty bolmadyk uly ýumurtgadan çykdy.

“Şeýle ýumurtgalardan, adatça, ekiz süýrenijiler çykýar, ýöne bu gezek düwünçekleriň ösüş döwründe nämedir bir zat ters bolup, bir düwünçek beýlekini “ýuwdupdyr”. Netijede, bir bedenli we iki kelleli organizm dünýä indi” – diýip, çeşme belleýär.

Jonson ýylanyň hereket edýändigini we onuň iki kellesiniň hem dem alýandygyny aýdýar.

“Ol nämedir bir zady halamasa, ses çykaryp, goranýar. Ýöne bu jandar anomaliýa sebäpli barybir hereket edende käbir kynçylyklary başdan geçirýär. Ýylanyň iki kellesi bedeni nähili dolandyrýandyklaryny utgaşdyryp bilenok, şonuň üçin ol beýleki gofer ýylanlary ýaly, köplenç, öwrülip bilmeýär” – diýip, Jonson belleýär.  

Adatça, şeýle “mutantlar” ir ölýär, ýöne amerikaly bu üýtgeşik ýylanyň mümkin boldugyndan uzak ýaşamagy üçin elinden gelenini etjekdigini aýdýar.
Gofer ýylanlary suwýylanlaryň maşgalasyna degişlidir. Bular uzynlygy 80 sm-den 2,8 m çenli bolan zähersiz süýrenijilerdir. Bu jandarlar Demirgazyk Amerikada duş gelýär.


19.05.2024 12:10
4071

Ýokary öndürijilikli superkompýuterleriň reýtingi hödürlendi. Olaryň 171-isi ABŞ-da, 80-isi Hytaýda

Dünýäde iň ýokary öndürijilikli superkompýuterleriň täzelenen Top-500 reýtingi hödürlendi. Sanawyň ilkinji bäş orny üýtgewsiz galdy. Eýýäm üçünji gezek birinji orny ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Ok-Rij milli...

14.05.2024 14:10
9072

Edebiýat birleşdirýär: Daşoguzda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Daşoguzyň Amerikan burçunyň bilelikde guramagynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi. Bu...

10.05.2024 14:05
6797

TikTok ABŞ-da mümkin bolan gadaganlygyny ýatyrmak üçin kazyýete arza berdi

TikTok-yň ýolbaşçylygy we sosial ulgamyň eýesi ByteDance amerikan kazyýetine hytaý kompaniýasyny platformany satmaga ýa-da ony Birleşen Ştatlaryň çäklerinde gadagan etmäge borçlandyrýan kanuny ýatyrmak haýyşy bilen...

08.05.2024 13:06
13677

Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy üç aýyň içinde iki gezek million dollarlyk lotereýa jekpotyny gazandy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy Kristina Uilson üç aýyň içinde jemi 2 million dollarlyk lotereýa jekpotyny iki gezek gazandy diýip, United Press International habar berýär. Ilkinji...